Hytaý Aziýadaky iň çuň dik guýynyň buraw işlerini tamamlady
21.02.2025 | 10:27 |Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Aziýadaky iň çuň dik guýynyň buraw işlerini tamamlady. Onuň çuňlugy 10 910 m ýetdi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.
“Şenditake-1” ady bilen belli bolan guýy Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynyň Tarim oýlugyndaky Takla-Makan çölünde ýerleşýär. Buraw işleri 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda başlap, 580-den gowrak günläp dowam etdi. Olaryň takmynan 300 güni soňky 910 m geçmek üçin gerek boldy. Bu guýy diňe bir nebitgaz serişdelerini tapmak üçin däl-de, eýsem Ýer şaryň ewolýusiýasyny we çuňluk geologiýany öwrenmek üçin niýetlenendir. Buraw işleriniň dowamynda möhüm inženerçilik gazananlaryna ýetildi. Olaryň arasynda guýrugyň iň çuň sementleşdirilmegi we iň çuň wizualizasiýaly suwasty karotažy bar. Guýy 12 sany geologiýa emele gelmelerinden geçip, ýaşy 500 mln-dan geçen jynslara ýetdi.
Taslamany goldamak üçin CNPC iň çuň guýylar üçin dünýäde ilkinji awtomatlaşdyrylan buraw enjamyny hem-de karotaž işleri üçin öňdebaryjy gurallar toplumyny işläp düzdi. Bu gazanylan üstünlik ylmy-barlaglar we sebitde serişdeleri işläp taýýarlamak üçin täze gözýetimleri açyp berýär.
ORIENT news