Iň täze habarlar

Gümrük düzgünleri baradaky türkmen gollanmasy daşary ýurtly ulanyjylaryñ arasynda meşhurlyk gazanýar

21.02.2025 | 15:20 |
 Gümrük düzgünleri baradaky türkmen gollanmasy daşary ýurtly ulanyjylaryñ arasynda meşhurlyk gazanýar

Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy gümrük düzgünleri baradaky ilkinji gollanmasyny işe girizdi. Taslama Ýewropa Bileleşigiñ hemaýaty bilen Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA-10) bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.

Gollanmanyñ tanyşdyrylyşy 19-njy fewralda Aşgabat şäherinde geçirildi. Gollanma ulanyjylara fiziki we ýuridiki şahslar üçin gümrük amallary barada döwrebap maglumatlary, kadalaşdyryjy resminamalary, gadagan edilen harytlaryñ sanawyny, gümrük araçylary bilen habarlaşmak üçin maglumatlary, şeýle hem nyrhnamalaryñ onlaýn-hasaplaýjylaryny we ýolagçy beýannamalary onlaýn-tertipde doldurmak mümkinçiligini hödürleýär.

Işiñ dowamynda gümrük gullugynyñ zerurlyklary göz öñünde tutuldy, önümiñ özi bolsa iOS we Android üçin uýgunlaşdyryldy. 2024-nji ýylyñ fewral aýyndan başlap gollanmany 8 müñ adam ýükläp aldylar, olardan Gazagystanyñ, Özbegistanyñ, Türkiýäniñ we beýleki ýurtlaryñ müñ ulanyjysy bu hyzmatdan işjeñ peýdalanýar.

BOMKA maksatnamasynyñ taslamasynyñ utgaşdyryjysynyñ orunbasary Wladimir Zagusowsyñ aýtmagyna görä, gollanma gümrük amallaryny añsatlaşdyrýar hem-de söwdanyñ we syýahatçylygyñ ösüşine ýardam bermek bilen, türkmen, rus we iñlis dillerinde gerekli maglumat elýeterliligini üpjün edýär. Gollanma Google Play we App Store-da mugt elýeterlidir.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: