"Eni Turkmenistan Limited" bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryñ deslapky kabul edişligi barada habar berýär
14.02.2025 | 13:35 |"Eni Turkmenistan Limited" kompaniýasy NetApp maglumat saklamak ulgamyny, programma üpjünçiligini we ýazylşyklary satyn alynmagyny göz öñünde tutýan №10117731 bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryñ deslapky kabul edişligi barada habar berýär.
Tehniki spesifikasiýalar we jikme-jik talaplar bäsleşik tapgyrynda berler. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar Narine.Smirnova@eni.com we Viktoriya.Nurberdiyeva@eni.com elektron salgylary boýunça Şertnama we üpjün ediş bölümine resmi arzalary tabşyryp, gatnaşmak isleglerini tassyklap bilerler.
Gatnaşmak üçin resmi çakylyk arzalary almak tapgyrynyñ tamamlanmagyndan soñ ugradylar. Arzalary tabşyrmagyñ soñky möhleti - 2025-nji ýylyñ 25-nji fewraly, sagat 23:00 çenli (ýerli wagt boýunça).
ORIENT news