Iň täze habarlar

Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-türk toparynyñ mejlisi geçiriler

14.02.2025 | 16:25 |
 Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-türk toparynyñ mejlisi geçiriler

2025-nji ýylyñ 25-nji fewralynda Ankarada Türkiýäniñ wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyñ hem-de Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary Nökerguly Atagulyýewiñ başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-türk hökümetara toparynyñ 8-nji mejlisi geçiriler.

Bu barada şu gün geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.

"Şeýle-de men Türkmenistan bilen ýokary derejedäki saparlarymyzyñ 2025-nji ýylda hem edil 2024-nji ýyldaky ýaly depginde dowam etjekdigine ynam bildirýärin" - diýip, Ilçi belledi.

Şeýle hem, ol Türkiýede ýakyn günlerde Bilim meseleleri boýunça türkmen-türk hökümetara geñeşiniñ 4-nji mejlisiniñ geçiriljekdigi barada, emma anyk seneleriñ entek belli däldigi barada habar berdi.

Şeýle-de okañ: Türk kompaniýalary Türkmenistanda 50 mlrd dollar möçberinde 1000-den gowrak taslamalary amala aşyrdylar.

ORIENT news

Foto: www.oilgas.gov.tm

Şeýle hem okaň: