Marko Rubio ABŞ-nyñ halkara ösüş baradaky agentliginiñ dolandyryjysynyñ wezipesini wagtlaýyn ýetiriji edip bellendi
04.02.2025 | 19:00 |Donald Tramp gözegçiligi ýola goýmakda we agentligiñ işine has gowy düşünmekde aralyk tapgyr hökmünde döwlet sekretary Marko Rubiony dolandyryjynyñ wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edip belledi. Bu barada Döwlet departamentiniñ resmi wekiliniñ edarasy habar berdi.
Döwlet sekretary Rubio Kongresse häzirki wagtda mümkin bolan täzeden döretmek maksady bilen daşary ýurtly kömegini bermek boýunça USAID-iñ işiniñ auditi geçirilýändigi barada habar berdi.
-USAID-yñ auditini geçirip, onuñ "Ilki bilen Amerika" diýen gün tertibine we Döwlet departamentiniñ tagallalaryna laýyk gelýändiginde göz ýetirenimizden soñ, biz amerikan halkynyñ bähbitlerini goramagy hem-de onuñ salgyt tutumlarynyñ boş ýere harçlanylmazlygyna gözegçiligi dowam ederis.
ORIENT News