Türkmenistanda howanyň sowamagyna garaşylýar
05.02.2025 | 13:29 |Hepdäniň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda ýagyşlar we ýagyşly gar ýagmagy, şeýle hem howanyň pese düşmegi çaklanylýar.
Hususan-da, Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda bolsa ýagyş we ýagyşly garyň ýagmagy mümkin. Gündizine howa +15°C bolup, hepdäniň ahyrynda bolsa 0...+2°C çenli pese düşer.
Ahal welaýatynda howanyň ýagynly bolmagy mümkin, gündizine howa +15°C bolup, gijesine -2...+3°C çenli pese düşer.
Balkan welaýatynda howa bulutly bolup, şemal öwser. Ýagyş ýagmagy mümkin, gündizine howa +10...+15°C bolup, hepdäniň ahyrynda +3°C çenli sowuk bolar.
Mary welaýatynda hepdäniň ahyrynda ýagyşly garyň ýagmagy hem-de howanyň sowamagy çaklanylýar. Howa +2°C çenli pese düşer.
Lebap welaýatynda garyň ýagmagyna garaşylýar. Howa gündizine +1...+4°C, gijesine bolsa -5°C bolar.
Daşoguz welaýatynda hepdäniň ahyrynda ýagynly howa bolar. Howa gündizine -3°C, gijesine bolsa -7°C çenli bolar.
ORIENT News