Iň täze habarlar

Gazagystanda daşary ýurtly syýahatçylara QR-belgili kartlar berilip başlandy

05.02.2025 | 11:10 |
 Gazagystanda daşary ýurtly syýahatçylara QR-belgili kartlar berilip başlandy

Gazagystanda daşary ýurtly syýahatçylara QR-belgili kartlar berilip başlandy. Olar SafeTravel.kz köpdilli portala elýeterlilik mümkinçiligini berýär. Bu başlangyç 2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrligi tarapyndan yglan edildi. Ol ýurda gelýän syýahatçylaryň howpsuzlygyny we ýurtda bolan wagtlary olaryň rahatlygyny üpjün etmäge gönükdirilen.

Gazagystanda girende, her bir daşary ýurtly serhet gözegçiliginden geçirilip, oňa QR-belgisini jemleýän ýörite kart berilýär. Bu belginiň skanirlenilmegi syýahatçyny portala gönükdirip, ol ýerde wajyp maglumatlary, şol sanda ýurtda howpsuz galmak boýunça maslahatlary, ykjam gollanmalara salgylanmalary we nobatdan daşary gulluklarynyň maglumatlaryny tapyp bolýar. Portal polisiýa bilen habarlaşmak üçin, migrasiýa kanunçylygy boýunça bellikler, şäherleriň kartalary we resmi taksi ulaglaryň sanawlary ýaly hyzmatlary hödürleýär. Bu ulgam diňe bir howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrman, eýsem Gazagystana syýahat we maýa goýum üçin özüne çekiji ugur hökmünde ynamyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Ilkinji kartlar eýýäm Astananyň halkara howa menzilinde gowşurylyp başlandy. Munuň özi ýurduň syýahatçylyk infrastrukturasynyň ösüşinde möhüm ädim boldy.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: