Iň täze habarlar

“Žanaozen-Türkmenistan serhedi” ýoly tutuşlygyna abatlandyrylar

05.02.2025 | 14:45 |
 “Žanaozen-Türkmenistan serhedi” ýoly tutuşlygyna abatlandyrylar

Gazagystanda awtomobil ýollarynyň, şol sanda “Žanaozen-Türkmenistan serhedi” böleginiň gerimli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada hökümet mejlisinde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda ýurtda 13 müň km ýollaryň abatlandyrylmagy meýilleşdirilýär, olaryň 9,5 müň km eýýäm maliýeleşdirme bilen üpjün edilendir.

Galan bölekleriň maliýeleşdirmek meselesi entek işlenilýär. Gazagystanyň Prezidentiniň tabşyrygynyň çäginde 2029-njy ýyla çenli 3 müň km ýollaryň durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulyp, olar birinji we ikinji toparçalara geçiriler. Munuň özi ulag infrastrukturasynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredip, ykdysadyýetiň ösmegine itergi berer.

30-50 ýylyň dowamynda abatlandyrylmadyk ileri tutulýan desgalaryň arasynda Petropalowsk-Žezkazgan (703 km), Kandyagaş-Şalkar (246 km), Karaganda-Aýagoz-Bugaz (452 km), şeýle hem tutuşlygyna täzelenjek “Žanaozen-Türkmenistan serhedi” bölegi bar.

Bu ugruň durkunyň täzelenmegi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynda aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi ulag gatnawlarynyň gowulandyrylmagy ýurtlaryň arasyndaky söwda we logistika üçin täze mümkinçilikleri döreder.

ORIENT News

Foto: NewTimes.kz

Şeýle hem okaň: