Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Belarusiýa Respublikasyndaky ilçisi Polesskiý döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

03.02.2025 | 18:05 |
 Türkmenistanyň Belarusiýa Respublikasyndaky ilçisi Polesskiý döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

3-nji fewralda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen Polessk döwlet uniwersitetiniň rektory Waleriý Dunayyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Rektor Waleriý Dunaý uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri, bilim bermegiň hili we häzirki zaman mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat berdi. Ol Pinsk şäherinde (Brest welaýaty) ýerleşýän uniwersitetde jemi 3215 talybyň bilim alýandygyny, olaryň 80-siniň daşary ýurtly, şol sanda 19-synyň Türkmenistanyň raýatydygyny aýtdy.

Polessk döwlet uniwersitetinde hünärmenler 5 fakultetiň düzümindäki 11 kafedrada taýýarlanylýar. Olar ykdysadyýet we maliýe, biotehnologiýa, inženerçilik, sagdyn durmuş ýörelgesi we goşmaça bilim ugurlary boýunça okuw alýarlar. Mundan başga-da, uniwersitet ýokary bilimli hünärmenleri 18 ugur boýunça taýýarlaýar (ykdysadyýet we dolandyryş, maliýe we karz, işewürligiň dolandyryşy, inžener ykdysadyýety, biotehnologiýa, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, suw bioresurslary we balyk hojalygy, landşaft dizaýny we gurluşyk, bedenterbiýe we beýlekiler).

Nazarguly Şagulyýew bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde aýratyn möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şeýle hem ol türkmen talyplarynyň sanynyň artmagynyň, olaryň bilim almagy we ýaşamagy üçin şertleriň gowulandyrylmagynyň hem-de akademik tejribeleriň alyşylmagynyň birek-birege ynanyşmagyň, medeni gepleşikleriň pugtalandyrylmagyna we uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berjekdigini nygtady.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: