Sergeý Lawrow GDA ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşdy
03.02.2025 | 22:05 |3-nji fewralda Türkmenistanyň Moskwadaky Ilçisi Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Russiýada akkreditlenen GDA gatnaşyjy döwletleriň ilçileri bilen däp bolan duşuşygyna gatnaşdy. Oňa Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda 2024-nji ýylda Russiýanyň baştutanlygynda GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň netijeleri jemlendi. Daşary syýasaty utgaşdyrmagy mundan beýläkde pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, şeýle hem howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga üns çekilip 2025-nji ýyl üçin esasy wezipeler kesgitlenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki ählumumy we sebitleýin mozwuklar boýunça pikir alyşdylar. Bu ýyl Täjigistan Respublikasynyň GDA-da başlyklyk etmeginde ileri tutulýan ugurlaryna goldaw berildi.
ORIENT