Iň täze habarlar

Arkadag şäherinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi

02.02.2025 | 23:35 |
 Arkadag şäherinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Meşhur türkmen ussat atçylar topary baş baýraga şeýle hem başga-da birnäçe baýraklara – ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklaryna hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy.

02022025-arkadag-galkynys (3).jpg

Çäräniň dowamynda uly ekranyň üsti bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde “Galkynyş” toparynyň agzalary bilen duşuşygyndaky Gutlagy ýetirildi.

Soňra Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ajaýyp çykyşlary bilen Monte-Karloda baş baýraga we beýleki baýraklara mynasyp bolan tanymal çapyksuwarlary gutlady.

Dabaranyň dowamynda “Galkynyş” toparyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we döwlet Baştutanynyň adyndan pul sowgady gowşuryldy. Şeýle hem toparyň ýolbaşçysy Serdar Pygyýewe “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany okaldy.

02022025-arkadag-galkynys (4).jpg

Meşhur toparyň agzalary, deňi taýy bolmadyk bolmadyk ahal-teke atlary bolan milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, döredijilikli işlemäge döredilýän şertler hem-de zähmetine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi “Galkynyş” toparynyň agzalaryny “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy bilen sylaglady we sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşurdy.

02022025-arkadag-galkynys (5).jpg

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sylaglanyş dabarasy, şol günki hormatlanýanlaryň çykyşlary bilen tamamlananmagy hakyky baýramçylyga şowhunyna öwrüldi.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: