Awtoulagy gyş möwsümine nähili taýýarlamaly?!
11.12.2023 | 19:45 |Ine, diňe senenama boýunça däl, howa babatda hem hakyky gyş geldi: asman bulutly, howanyň temperaturasy nola ýakyn, ähli adamlar ýyly kurtlaryny we sütükli paltolaryny geýdiler. Awtoulaglara hyzmat ediş nokatlarynda nobata düzülen awroulag eýeleri hem özleriniň "demir atlaryny" tigirlerini gyş möwsümine laýyk gelýän görnüşlere çalşanlaryny we dürli usullar bilen awtoulagy gyzdyrmagy kem görenoklar.
Bu makalada awtoulaglary gyş möwsümine nähili taýýarlamalydygyna ünsi çekeris.
Munuň üçin iň möhüm ugurlaryň biri awtoulagyň tigirlerini gyşky möwsüme mahsus görnüşler bilen çalyşmakdyr. Gyşa mahsus tigirleriň has agyr, örülen we berk bolmagy, awtoulagyň buzly şertlerde netijeli we howpsuz ýöremegine ýardam edýär. Mundan başga-da, tigirleri çalyşmagyň öňüni alyş ähmiýeti hem bar: tomusa mahsus tigirler gyş möwsümine niýetlenenlere garanda has inçe bolýar, şonuň üçin-de has çalt könelýär. Tigiriň üstünde eýýäm kiçiräk ýaryklar görünýän bolsa, ony çalyşmak möhümdir.
Tigir çalşanyňyzdan soň, motoryň ýagyny üýtgetmek hakda hem pikir etmek gerek. Awtoulagdaky ýag iň soňky gezek 5 ýa-da 10 müň km öň üýtgedilen bolsa, ony çalyşmak zerur. Bu size has uly çykdajylardan gaçmaga ýol açar.
Biziň indiki maslahatymyz awtoulagy tigrini gysyp duruzyjy enjamy (kolodka) gowy edip barladyň. Bu meselede iň möhüm zat, ulagyň badyny peseldiş derejesini däl-de, eýsem onuň güýjüniň deňeçer derejededigini barlamakdyr. Tigirler dürli güýçler bilen badyny peseldýän bolsa, birden tormoz basylanda öňe zyňylmakdan saklanyp bolmaz. Şunda tormoz suwuklygynyň barlygyna aýratyn üns berilmelidir.
Awtoulag eýeleriniň köpüsi ulagyň aýnasyny ýagyş damjalaryndan arassalaýan süpürgiçlere (dwornik) hemişe üns bermeýärler. Awtoulagyňyzdaky süpürgiçlere hiç haçan barlatmadyk bolsaňyz, olaryň aýnada çyrşak yz galdyrmak howpy ep-esli ýokarlanýar. Gyş aýlarynda çygly gary arassalaýan degişli süpürgiçleri oturtmak möhümdir. Türkmenistanyň demirgazyk sebitlerinde awtoulag eýeleri aýnany arassalamak üçin doňlary eredip aýyrýan täze enjamy satyn almak barada hem pikir edip bilerler.
Indiki möhüm ädim awtoulagdaky ýyladyş ulgamyny barlatmak we zerur bolsa abatlamakdyr. Awtoulagyň içini ýokary hilli ýylatmak sürüjä we ýolagçylara diňe bir sowukdan goranmagy üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, aýnanyň ýüzünde döreýän gyrawdan hem saplanmaga ýardam edýär. Şunda ýyladyjy wentilýatorlaryň işleýşine aýratyn üns berilmelidir.
Awtoulagyň çyralaryny barlatmak, zerur bolsa, täzeleri bilen çalyşmak hem üns berilmeli ýagdaýdyr. Mundan başga-da, çyralary ýuwmak hem netijeli bolup biler. Bu adaty usulda - hojalykda ulanylýan arassalaýşy serişdeler bilen amala aşyrylyp bilner. Faralardaky ýagtylygy garaňkyladýan ýa-da has ýiteldýän emeli usullardan saplanmaly. Ýöne, gyşky möwsümde awtoulagyň çyralary gowy ýagtlyk berse kem däl. Çünki gyşda gijäniň aý-aýdyňlygy tomus paslyndakydan pes bolýar.
Soňky, ýöne iň esasy zat - awtoulagyň akkumulýatorlaryny barladyň. Islendik awtoulagyň eýesi akkumulýatoryň näsazlygynyň gyşda näme kynçylyklary döredip biljekdigini bilýär. Şol bir wagtyň özünde, her bir sürüji bu meseläni nädip çözmelidigini bilýän bolsa gerek.
ORIENT news