Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

27.09.2023 | 01:19 |
 Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanda şu gün – 27-nji sentýabrda bellenýän Garaşsyzlyk güni bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy gutlady. Gutlagda şeýle bellenýär:

“Sizi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky örän möhüm sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ajaýyp üstünliklerimize bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Şu ýyl ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik. Erkin bäsdeşlik, açyklyk we demokratik kadalar esasynda ählihalk saýlawlaryny geçirip, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň täze düzümini saýladyk. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga ýardam berýän ençeme iri we durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli desgalary gurup ulanmaga berdik. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny dabaraly açdyk hem-de bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berdik. Ýurdumyzyň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşindäki bu üstünlikler, uly zähmet ýeňişleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyzlygymyzyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini has-da dabaralandyrýan şanly wakalara öwrüldi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna işjeň gatnaşyp, häzirki zamanyň örän derwaýys meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň täze sepgitlere çykýandygyny aýdyň görkezýär. Baş Assambleýanyň belent münberinden biziň öňe süren şol başlangyçlarymyz we tekliplerimiz Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmek, daşky gurşawy goramak ýaly häzirki döwrüň düýpli meseleleri boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä giňişligindäki at-abraýyny we oňa hormaty has-da berkidýär”.

Gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, asuda we abadan durmuş arzuw etdi.

ORIENT news

Foto: turkmenistaninfo.gov

Şeýle hem okaň: