Iň täze habarlar

Gadymy döwürden şu güne çenli: boks hakda 15 üýtgeşik we gyzykly hakykatlar

27.08.2023 | 23:17 |
 Gadymy döwürden şu güne çenli: boks hakda 15 üýtgeşik we gyzykly hakykatlar

Boks – dünýädäki millionlarça janköýerleri özüne çekýän başa-baş söweş sungatynyň iň gadymy we meşhur görnüşlerinden biridir. Sportyň bu görnüşinde baý taryhy, köp üstünlikleri we rekordlary, şeýle hem gyzykly aýratynlyklary we däpleri bar.

2018-nji ýyldan bäri her ýyl 22-nji iýulda Halkara boks güni bellenilip geçilýär. Şeýle-de bolsa, 2021-nji ýyldan başlap, Halkara boks assosiasiýasynyň karary bilen baýram 27-nji awgusta yza süýşürildi - edil şu wagt, 1974-nji ýylda Gawana (Kuba) şäherinde boks boýunça ilkinji dünýä çempionaty geçirildi.

Bu makalada ORIENT sportyň bu görnüşi barada adaty bolmadyk we gyzykly maglumatlary gürrüň berer.

  1. Boks biziň eramyzdan öň döräpdir. Aslynda döwrebap boksyň Angliýada XVIII asyrda döränligi aýdylýan hem bolsa, ýumruklaşma boksy gadym döwürlerden bäri meşhurdyr. Olar barada gadymy Müsür, Şumer we Grel çeşmelerinde aýdylýar.

1693159915455.JPEG

  1. Boksyň birinji düzgünleri 1743-nji ýylda kabul edildi. Olaryň awtory döwrebäp boksyň ‘atasy’ hasaplanýan iňlis boksçysy Jon Brotondyr. Onuň düzgünleri tapgyrlaryň sanymy, arakesmäniň wagtyny, ringiň ululygyny we söweşiň beýleki ugurlaryny tassyklady.

  2. ABŞ-da boks 1900-njy ýyla çenli gadagan edilendi. ABŞ-nyň köp ştatlarynda boks söweşlerini geçirmek bikanun hasaplanyp, jerime we tussaglyk bilen jezalandyrylýardy. Diňe XX asryň başynda boks sportyň görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi.

  3. Boks ellikleri Hytaýda ýüze çykdy. El üçin ilkinji gorag serişdelerini ellerini mata ýa-da deri bilen saran hytaýly boksçylary ulandylar. Döwrebap ellikleriň agramy uniside ölçenýän (28 gramm) standart agramlydyr.

1693159874169.JPEG

  1. Boksda iň çalt gazanyş Maýk Taýsona degişlidir. 1988-nji ýylda ol 91 sekuntda Maýkl Spinksy nokauta goýberdi we onuň üçin 20 million dollar gazandy. Bu, onuň söweşiň her sekundy üçin 220 müň dollar gazanýandygyny aýdýar.

  2. Aýallar boksda erkekleri ýeňip bilýarler. 1999-njy ýyldan bäri dürli jynly söweşçileriňp arasynda garyşyk başa-baş söweşler geçirilýär. Birinji söweşde Loýd Kouiny uran aýal Margaret Makgregor ýeňiş gazandy.

  3. Kapasyz söweş ýok. Eger söreşde boksýorlaryň birininde diş üçin goragy (kapa) gaçan ýagdaýynda, kazy hereketi saklap ony eýesine gowşurmalydyr. Bu, bozulmagynyň netijesinde jerime ýa-da oýundan çykarlma sebäp bolup biljek hökmany düzgündir.

  4. Kinematograf. Sport mowzukly filmler köplenç boks bilen bagfly sýužetlere ýüz tutýarlar. Bu söweş sungaty bilen bagly doly metražly ýüzden gowrak lentalar bar.

1693159899686.JPEG

  1. Nokautlaryň yzly-yzyna iň uly tapgyrynyň eýesi lamar Klark. Ol öz garşydaşlaryny nokaut edip, 44 söweşi wagtyndan öň ýeňdi. Onuň rekordy 1960-njy ýylda goýuldy we şu güne çenli ony geçen bolmady.

  2. Dünýäde iň uzyn boksçy – Goge Mitu. Onuň boýy 2,23 metr bolup, dünýä çempionlarynyň arasynda iň uzyn boýly hasaplanýan boksçy Nikolaý Waluýewden 11 santimetr beýik.

  3. Boks boýumça iň ýaş dünýä çempionlary – Maýk Taýson we Uilfred Benitez. Taýson 20 ýaşynda iň agyr agram, Benitez bolsa, 17 ýaşynda ýarym orta agram boýunça dünýä çempiony boldylar.

  4. Dünýä çempionlygyny iň uzak dowam etdiren Jo Luis. Ol bu ady 12 ýyl göterdi we ony 25 gezek gorady. Onuň rekordy 1937-1949-nji ýyllarda goýuldy we entäk hiç kim ony geçmedi.

processed-e3094710-13c7-4305-9b64-ccc7abc433fc_iGq7df9L.jpeg

  1. Dünýä çempionlaryndan iň uzak ýaşan Maks Şleming. Ol 99 ýyl we 7 gün ýaşap 2005-nji ýylda aradan çykdy. Ol 1930-njy ýylda Jek Şarky ýeňip, agyr agramda dünýä çempiony boldy.

  2. Tapgyrlarynyň sany boýunça iň uzak söweş 1893-nji ýylda Jek Berk bilen Endi Bouendiň arasynda geçirildi. Söweş 110 tapgyr ýa-da 7 sagat we 19 minut dowam edip, deňe-deň bilen tamamlandy. Iň gysga söweş bary-bogy 4 sekunt dowam etdi. Sonça wagt Maýkl Kollinziň bir urgy bilen Pet Braunsony nokaut etmegi üçin gerek boldy.

ORIENT news

Foto: allboxing.ru

Şeýle hem okaň: