Iň täze habarlar

Türkmen futboly haçan döredi?

21.01.2023 | 16:45 |
 Türkmen futboly haçan döredi?

AFK-nyň çagyryş Kubogynyň iki gezek final oýunlaryna çykmagy başarýar, dünýäniň gowy toparlarynyň ýüzüsiniň hataryna girýär, ýüz ellä golaý resmi oýunlary geçirýär – bularyň hemmesi Türkmenistanyň ýygyndysy barada. Ýurtdumyzda sportuň iň meşhur görnüşiniň taryhy nämeden başlanýar we milli ýygyndymyzyň esasy üstünlikleri haýsylar – bulary ORIENT-iň materialynda okap bilersiňiz.

Sowet döwri

Futbol Türkmenistanyň giňişliklerinde geçen asyryň 20-nji ýyllarynda kem-kemden döräp başlady. Gutarnykly emele gelmegi 1937-nji ýylda —Türkmenistan SSR-niň ilkinji çempionatyny geçirmek kararyna gelnende bolup geçdi.

Türkmenistan SSR-niň bir toparynyň hem hiç wagt Ýokary ligada oýnamandygy üçin, türkmen futbolçylary hiç wagt SSSR-iň ýygyndysynyň düzüminde çykyş etmändiler. Bu sportuň watançylyk taryhyndaky tanymal şahslary – Gurban Berdiýew, Waleriý Broşin, Sergeý Agaşkow, Dmitriý Homuha, Çaryýar Muhadow we Witaliý Kafanow.

Когда родился туркменский футбол?

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy döredilýär (TFF). Şeýle hem şol ýyl ýurdumyzyň Milli Ýokary Ligasy we Türkmenistanyň Kubogy gaýtadan dikeldilýär. 1993-nji ýylda ýygyndy üçin ilkinji üstünlik gelipdi – türkmen futbolçylary OES-ň Kubogynda ikinji ýeri alýarlar, şonda diňe Eýrandan 2:1 hasabynda ýeňilýärler.

Ýene bir ýyldan soň, 1994-nji ýylda TFF FIFA-nyň we Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) agzasy bolýar. Şol bada topar Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykýar. 1995-nji ýyldan başlap Türkmenistan her ýyl halkara oýunlaryny kabul edip başlaýar, şeýle hem futbol ýaryşyny – Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny geçirip başlaýar. Ýurduň klublary şeýle hem her ýyl geçirilýän GDA-nyň Kubogyna gatnaşýarlar.

1998-nji ýylyň tomsunda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi edilip Wiktor Požeçeskiý bellenýär – ol türkmen futbolyndaky esasy şahslaryň biridi. Şonda topar Ukrainadan gelen futbolçylar Andreý Zawýalow, Konstantin Sosenko, Roman Bondarenko, Igor Kislow bilen doldurylýar. Russiýaly Waleriý Broşin we toparyň kapitany Dmitriý Homuho bilen türkmen raýatlygyny alyp, olar ýygyndynyň özenini düzüpdiler.

Täze düzümde Türkmenistanyň ýygyndysy XIII Aziýa oýunlaryna gatnaşýar we ol ýerde örän üstünlikli çykyş edýär. Ýaryşda türkmen futbolçylary Wýetnamyň, Koreýa Respublikasynyň, Hindistanyň ýygyndylaryny utýarlar we KHDR we Özbegistan bilen deňme-deň oýnaýarlar. Şonda biziň ýygyndymyz çärýek finala çykmagy başarýar, ýöne Hytaýdan ýeňilýär.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň tälimçisi bolmak bilen, Wiktor Požeçewskiý ony Aziýanyň iň gowy sekiz toparynyň arasyna çykardy, “Köpetdag” toparyny bolsa – Türkmenistanyň milli birinjiliginiň çempiony edýär. Ol 1999-njy ýylyň başynda tälimçi wezipesini terk edýär we Ukraina dolanýar.

Когда родился туркменский футбол?

2000-2020-nji ýyllar

2003-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň ýygyndysy 2006-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin geçirilýän saýlama ýaryşynyň öňüsyrasyndaky oýunlarda Aşgabatda Owganystanyň ýygyndysyny 11:0 hasaby bilen ýeňlişe sezewar edýär. Bu milli ýygyndynyň taryhyndaky iň uly ýeňişdir. Kabuldaky jogap oýunda türkmen topary ýene-de 2:0 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Rahym Gurbanmämmedowyň ýolbaşçylygynda türkmen futbolçylary 2003-nji ýylda «G» toparyndaky saýlama ýaryşynda öz bäsdeşleri Birleşen Arap Emirlikleriniň, Siriýanyň we Şri-Lankanyň toparlaryndan ýeňiş gazanyp, 2004-nji ýyldaky AFC Asian Cup kontinental ýaryşynda ýalňyz bir gezek gatnaşmagy başardylar. Hytaýda geçen final oýunlarynda biziň ýygyndymyz «С» toparyna düşýär, ol ýerde onuň bäsdeşleri Özbegistan, Aziýanyň üç gezek çempiony Saud Arabystany we Aziýanyň 2007-nji ýyldaky çempiony Yrak bolýar. Türkmenistanyň ýygyndysy Saud Arabystany bilen deňme-deň oýnap, galan iki oýunda ýeňlişe sezewar bolýar we topardan çykyp bilmeýär.

Muňa garamazdan, 2003-nji ýylyň dekabrynda biziň ýygyndymyz öz taryhynda ilkinji gezek FIFA-nyň reýtinginde 99-njy orny eýeläp, dünýäniň iň güýçli futbol toparlarynyň ýüzlügine girýär.

2010-njy ýylyň fewralynda ýygynda tälimçi Ýazguly Hojageldiýew ýolbaşçylyk edýär. Onuň halypalyk etmeginde milli topar AFK-nyň 2010-njy ýyldaky çagyryş kubogynyň final ýaryşyna gatnaşmak üçin Şri-Lanka ugraýar. Türkmenistan ilkinji gezek AFK-nyň çagyryş kubogynyň final oýunlaryna gatnaşýar, ýöne oýundan soňky 11 metrlik urgular boýunça KHDR-nyň ýygyndysyndan utulýar. 2011-nji ýylyň martynda biziň ýygyndymyz Kuala-Lumpurdaky saýlama ýaryşlarda Pakistany, Taýwany ýeňip, Hindistan bilen deňme-deň oýnaýar, ýene-de AFK-nyň 2012-nji ýylda çagyryş kubogynyň final tapgyryna çykýar.

Когда родился туркменский футбол?

2011-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň ýygyndysy DÇ-2014 jemleýji tapgyryna çykmak ugrundaky saýlama ýaryşyny Indoneziýanyň garşysyna ilkinji oýnuny geçirýär. Ýygyndymyz Aşgabatda geçen çekeleşikli oýnuny 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlaýar, soňra myhmançylykda 3:4 hasabynda garşydaşyndan ýeňilýär, bu bolsa dünýä Çempionatyna gitmek hukugy üçin göreşden çykarýar.

2012-nji ýylyň martynda türkmen futbolçylary AFK-nyň 2012-nji ýyldaky çagyryşynyň final oýunlaryna gatnaşmak üçin Katmandu şäherine ugraýarlar. Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşyň ýer eýesi Nepaly 3:0 hasabynda ýeňmegi başarýar we Maldiwleriň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär, Palestina bilen bolsa oýun deňme-deň tamamlanýar. Ýarym finalda türkmenistanlylar Filippinleriň ýygyndysyny ýeňýärler, ýöne finalda KHDR-dan oýnuň soňunda pökgini derwezesine goýberip, ýeňilýärler. Şeýlelikde, Türkmenistan ikinji gezek yzly-yzyna AFK-nyň çagyryşynyň Kubogyny eýelemek mümkinçiligini giderýär.

Şol ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň ýygyndysy VFF Cup-2012-de Wýetnamyň, Laosyň ýygyndylaryny ýeňip, ikinji ýeri eýeleýär, ýöne Koreýa Respublikasynyň ýaşlar ýygyndysyndan utulýar.

2015-nji ýylyň baharynda ýygyndymyzyň täze tälimçisi Amangylyç Koçumow bolýar. Şol wagtlar topar futbol boýunça 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatyna saýlama oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlanýardy. Ýöne türkmen ýygyndysy ýaryşyň başynda Guamdan ýeňilip, oýundan çykmaly bolýar. Şondan soň birnäçe oýun bolup, käbirlerinde Türkmenistan ýeňýär, käbirlerinde bolsa ýeňilýär. Ýygyndy «D» toparda 3-nji ýeri alýar, bu bolsa oňa 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama oýunlaryň indiki tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik bermeýär, emma 2019-njy ýyldaky Aziýanyň Kubogyna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Когда родился туркменский футбол?

2019-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi edip horwat Ante Mişany belleýär we onuň bilen bir ýyllyk şertnama baglaşýar. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martyndan apreli aralygynda ýygyndy ýekeje oýun hem geçirmeýär.

Geçen ýyl Türkmenistanyň ýygyndysy 2022-nji ýylyň dünýä Çempionatynyň saýlama ýaryşynyň final oýnunda ýeňiş gazandy, ýöne KHDR-nyň saýlama oýunlara gatnaşmakdan ýüz dönderendigi üçin 3 utuk ýitirýär. Şeýlelikde, ýygyndy toparda diňe üçünji ýeri eýeleýär. Ýöne görkezilen netijeler oňa Aziýanyň Kubogy-2023-iň saýlama oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Indi näme?

Häzir Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi ýene-de Ýazguly Hojageldiýew. 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) onlaýn formatda 2023-nji ýylyň Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije atyşlygy bolup geçer. Şonda Türkmenistanyň ýygyndysy öz bäsdeşlerini biler. FIFA-nyň reýtinginde alan ornuna laýyklykda ol 10-njy fewralda yglan ediler, biziň ýygyndymyz bije atyşlykda Aziýanyň Kubogynyň 3-nji tapgyrynyň kwalifikasiýasynyň ikinji sebedine düşer.

Bije atyşlygyň netijesinde 24 ýygyndy 6 topara bölüner, olaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji ýeri alan iň gowy bäş ýygyndy 2023-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 16-njy iýuly aralygynda Hytaýda geçjek Aziýanyň Kubogy-2023-iň final oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Когда родился туркменский футбол?

Gyzykly faktlar:

– FIFA-daky iň ýokary reýting – 86-njy orun (2004-nji ýylyň apreli)
– Ýygyndynyň ilkinji oýuny 1992-nji ýylyň 1-nji iýunynda Gazagystana garşy boldy. Şonda Türkmenistan 0:1 hasabynda utulypdy.
– Iň uly ýeňiş 2003-nji ýylyň 19-njy noýabrynda boldy. Öz arenasynda «ahaltekeliler» 11:0 hasabynda Owganystany ýeňipdiler.
– Daşary ýurtly tälimçiler: Wladimir Bessonow (Ukraina), Wiktor Požeçewskiý (Ukraina), Elguja Guguşwili (Gruziýa).
– Ýygyndy yzygiderli toplanyp durmaýar, 1995, 2002 we 2006-njy ýyllaryň möwsümleri doly oýnalman geçirildi.

ORIENT habarlar

Foto: ФФТ, Žurnal «Bedenterbiýe we Sport» (1928 ý.), Wikipediýa

Şeýle hem okaň: