Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly ýaş diplomatlar bäsleşigine gatnaşyjylar bilen duşuşyga gatnaşdy

25.04.2024 | 11:14 |
 Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly ýaş diplomatlar bäsleşigine gatnaşyjylar bilen duşuşyga gatnaşdy

22-nji aprelde Kazan şäherinde «Youth Ambassadors» bäsleşigine gatnaşyjylaryň daşary ýurtlaryň, hususan-da Türkmenistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň bu şäherde işleýän Baş konsullary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda «ýaş diplomatlar» bäsleşigine gatnaşyjylar diplomatlardan ýokarda agzalan ýurtlar bilen Russiýanyň, şol sanda Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada anyk maglumatlary öwrendiler.

Hususan-da, Türkmenistanyň Baş konsuly Güýç Garaýew Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-tatarystan gatnaşyklarynyň möhüm orunlaryň birini eýeleýändigini aýtdy. Munuň özi söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

Şeýle hem ýakynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň we Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagyna beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Kazanda geçirilen Halkara «tegelek stol» maslahaty barada bellendi.

Pursatdan peýdalanyp, G.Garaýew «diplomatyň» häzirki wagtda diňe bir diplomatik gullukdaky wezipe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş ýörelgesidigini we işe bolan çemeleşmedini belläp geçdi. Diplomat häzirki döwürde ýaşlaryň bu hünäre uly gyzyklanma bildirýändiklerini, diplomatik başarnyklary, edep düzgünlerini, dessury öwrenip, olary nazary bilimler bilen baýlaşdyrýandyklaryny aýratyn nygtady. Baş konsul bularyň ählisiniň uly dünýämizde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy we özara düşünişmegi berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýollary barada pikir alyşdylar. Baş konsullar olara başlangyçlary üçin hoşallyk bildirdiler we ýaşlaryň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gatnaşmagynyň möhümdigini nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşyjylar daşary ýurtly diplomatlara öz elleri bilen taýýarlan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Hususan-da, türkmen tarapy üçin meşhur Kul-Şarifiň şekili hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgulary bilen bezelen ýadygärlik sowgat taýýarlanyldy.

ORIENT news

Foto: kazan.tmconsulate.gov.tm

Şeýle hem okaň: