Samsung

Ykdysadyýet

14.02.2025 16:25
364
2025-nji ýylyñ 25-nji fewralynda Ankarada Türkiýäniñ wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyñ hem-de Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary Nökerguly Atagulyýewiñ başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-türk hökümetara toparynyñ 8-nji mejlisi geçiriler.
14.02.2025 15:40
339
Garaşsyzlygyny alandan soñra, Türkmenistan möhüm özgertmeleri başdan geçirip, türk gurluşyk kompaniýalary şeýle üytgetmelerde esasy orun eýeledi. Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokyñ habar bermegine görä, Türkmenistanyñ garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri türk kompaniýalary 50 mlrd dollar möçberinde 1000-den gowrak taslamalary tamamladylar.
14.02.2025 15:10
389
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniñ arasynda söwda dolanyşygynyñ umumy möçberi 2 mlrd 166 mln ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok metbugat maslahatynda çykyş etmek bilen, ýurtlaryñ bu görkezijini ep-esli derejede ösdürmek üçin mümkinçiligiñ bardygyna ynam bildirýändikleri barada aýtdy.
14.02.2025 13:35
496
"Eni Turkmenistan Limited" kompaniýasy NetApp maglumat saklamak ulgamyny, programma üpjünçiligini we ýazylşyklary satyn alynmagyny göz öñünde tutýan №10117731 bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryñ deslapky kabul edişligi barada habar berýär.
14.02.2025 13:30
380
1-nji martdan başlap Türkmenistan Türkiýä tebigy gazyny geçirip başlar. Bu barada şu günki metbugat maslahatynda Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.
14.02.2025 13:30
647
Özbegistanda E-logistika sanly platformasy işe girizilip, ol ýük daşamalar we logistika hyzmatlary üçin bitewi çözgüt bolup durýar. Bu başlangyç ýurduñ ulag-logistika ulgamynyñ has giñ sanly transformasiýa maksatnamasynyñ bir bölegi bolmak bilen, ol bu babatda aýdyñlygy we netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
14.02.2025 11:00
430
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy boýunça seminar öz işine başlady.
13.02.2025 16:45
597
Ozal habar berilşi ýaly, mart aýynyñ 18-ne Aşgabatda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlary" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumy geçiriler. Işewürligi ösdürmek, maýa goýumlary çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy giñeltmek ýaly meseleler üns merkezinde bolar.
13.02.2025 11:30
416
Russiýa we Türkmenistan Astrahan oblastynda täze bilelikdäki logistika taslamasyny durmuşa geçirýärler. Ol iki ýurduň arasyndaky ýük akymlarynyň dolandyrylmagynda möhüm bölek bolar. Logistika merkezi portlaýyn aýratyn ykdysady zolagynda ýerleşer. Munuň özi ýükleri bölmegiň we olary daşamagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
12.02.2025 23:15
263
12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýrana saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi