eýran
10.10.2022 07:07
601
Tähran Eýran bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň arasynda üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji ministrler sammitini kabul etdi. Şeýle hem duşuşyga Russiýanyň, Azerbaýjanyň hem-de Eýranyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň wekilleri gatnaşdylar.
05.10.2022 21:58
493
Eýranyň Söwda ösüşi guramasynyň ýolbaşçysy Alireza Peýmanpak öňde boljak II Hazar ykdysady forumy barada teswirläp, Hazarýaka sebitinde erkin söwda zolagy döredilen ýagdaýynda, Eýranyň ABŞ-nyň 600-700 milliard dollary möçberindäki bazara eýe bolup bilmek mümkinçiligi barada aýtdy diýip, TASS habar berýär.
18.09.2022 19:57
536
Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we Eýranyň lideri Ybraýym Raisi geljekde üstaşyr gatnawy has-da artdyrmak üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.
15.09.2022 05:33
653
Ulag-logistika hyzmatdaşlygy çarşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Eýranyň lideri Ybraýym Raisiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň mowzuklaryndan biri boldy.
16.08.2022 23:53
659
Türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana çalyşmak esasynda (swap) ibermegiň üstünlikli tejribesini göz öňünde tutup, resmi Tähran Türkmenistandan mawy ýangyjy goňşy ýurtlara üstaşyr ibermegini giňeltmäge taýýar.
13.08.2022 03:02
685
Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň dürli ulgamlarynyň bilermenleri we hünärmenleri yzygiderli esasda bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek hem-de ylalaşmak boýunça gepleşikleri alyp barýarlar we hatda pandemiýanyň ýaýran döwründe-de bu duşuşyklar onlaýn görnüşde dowam etdirildi.
30.06.2022 02:12
594
Ýedinji Hazar sammiti Eýran Yslam Respublikasynda ylalaşylan wagtda geçiriler. Bu barada çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitiniň Jarnamasynda aýdylýar.
21.06.2022 06:55
601
Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk barada pikir alyşdylar.
20.06.2022 16:58
759
Gazagystanyň kükürdi ýüklenen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji konteýner otlusy Tährana geldi. Häzirki wagtda ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýranyň paýtagtyna amala aşyran saparyndan birnäçe gün soň sapar bilen baran Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bar.
16.06.2022 20:52
608
Türkmenistan Eýranyň energiýa ulgamy arkaly türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlara ibermäge başlamagy teklip edýär. Bu barada Tähranda çarşenbe güni hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň Prezidentleriniň gepleşikleriniň barşynda aýdyldy.