Parahatçylygyň kepiline 80 ýyl | Aşgabat we BMG 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlygyň strategiýasyny berkitdiler
23-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik missiýalaryň we BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle hem professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdy