ykdysadyýet
12.11.2022 22:28
416
Türkmenistanda aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibi tassyklanyldy. Bu baradaky karara anna güni geçirilen hökümetiň mejlisiniň barşynda döwlet baştutany gol çekdi.
10.11.2022 08:02
216
Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýük daşalyşyny 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden gowrak – 701 müň tonna çenli artdyrdy. Bu barada, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýewiň sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
07.11.2022 19:30
263
Bakuda BMG-nyň Ýewropa boýunça ykdysady topary (UNECE) bilen BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP) bilelikdäki nobatdaky mejlisi geçirilýär, ol Demirgazyk we Merkezi Aziýa sebitinde demirýollaryň sanly transformasiýasyny çaltlaşdyrmaga bagyşlanandyr.
05.11.2022 20:50
263
Aşgabatda 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilip, ol tehnologik kompaniýalar bilen birlikde, akademiki toparlaryň wekillerini, bazaryň bilermenlerini hem-de işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlär.
05.11.2022 20:21
348
Iri halk hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Purçekowyň hökümetiň mejlisinde beren hasabatyndan ugur alanyňda bu ulgam şu ýylyň on aýynda meýilleşdirilen wezipelere üstünlikli hötde geldi.
05.11.2022 20:15
239
2022-nji ýylyň ýanwar oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary tarapyndan tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnamalaşdyrylan wezipeler 14,5% köp, gazyň eksporty boýunça bellenen meýilnamadan 25,6% ýokary derejede berjaý edildi.
05.11.2022 07:18
234
Ýylyň geçen 10 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,2% derejesinde saklanýar. Şu döwürde ýurtda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 60-dan gowragy ulanylmaga berildi.
04.11.2022 20:35
240
Daşkentde “Ulag we logistika – TransLogistica Uzbekistan 2022” atly 18-nji Halkara sergisi geçirilýär. Sergide CASCA+ multimodal ulag geçelgesiniň ugry aýratyn stend hökmünde görkezildi.
04.11.2022 19:00
219
Penşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlyklygynda wideomaslahat görnüşinde GDA gatnaşyjy döwletleriň palatalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň şanly XХ, mejlisi geçirildi.
29.10.2022 06:53
231
“RŽD Logistika” PJ Türkmenistanyň üstünden “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça yzygiderli konteýner otlusyny işe girizdi. Bu barada kompaniýa salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.