Samsung
medeniýet
30.09.2022 22:48
1420
1-nji oktýabrda Aşgabatda Maryly suratkeşler mekdebiniň gatnaşmagynda Artist talk formatynda duşuşyk geçiriler, onuň çäginde tomaşaçylar suratkeşlere özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermäge, görkezilen eserler barada öz garaýyşlaryny beýan etmäge we olary awtorlary bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.
21.09.2022 03:03
1261
14-18-nji oktýabr aralygynda dokuz ugur boýunça 600 adamyň gatnaşmagynda Täjigistanda ilkinji gezek GDA agza döwletleriň XVI Delfiýa oýunlary geçiriler.
19.09.2022 16:08
4946
18-19-njy asyrlara degişli türkmen haly önümleri Fine Antique Oriental Rugs XXX Awstriýa auksion kompaniýasynyň ýörite mejlisine çykarylar. Ol iki hepdeden, 1-nji oktýabrda geçiriler.
12.09.2022 20:37
2717
“Dünýäniň hakydasy” sanawyny Türkmenistanyň dokumental mirasynyň elementleri bilen dolduryp bolar – ýurt bu sanawa goşmak üçin orta asyr gündogaryň görnükli şahsyýetleriniň golýazmalar ýygyndysyny hödürlemegi meýilleşdirýär.
21.08.2022 17:25
1806
Russiýa we GDA ýurtlary bilen bilelikdäki kino önümçiligi boýunça halkara maslahat 21-25-nji awgustda Sankt-Peterburgda geçiriler. Çäräniň dowamynda bilelikdäki önümçilige laýyk taslamalary saýlamak, täze zehinleri kesgitlemek, medeni gatnaşyklary goldamak we GDA ýurtlarynyň bir-birine gabat gelýän medeni we milli aýratynlyklaryny açyp görkezmek meýilleşdirilýär.
20.08.2022 17:48
1615
Türkmenistanyň HHR-daky diplomatik wekilhanasy beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge Hytaýyň atçylyk assosasiýasynyň, ylmy, medeni hem-de işewür toparlarynyň wekillerini çagyran çäresinden başlady.
07.07.2022 18:05
1529
8-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda türkmen kinorežissýory Arslan Eýeberdiýewiň düşüren “Istärin” atly täze çeper filminiň ilkinji gezek görkezilişi bolar. Şondan biraz soň bolsa, kinofilm türkmen milli telewideniýesiniň ýaýlymlarynda görkeziler.
28.06.2022 23:02
3378
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşen “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada daşary ýurt estradasynyň meşhurlary we şowhunly dabaralar äleminiň rus ýyldyzlary uly konsert bererler.
27.06.2022 22:22
2143
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Türkmenistanyň paýtagty – Aşgabat şäherinde geçirmek hakynda karara gol çekdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
25.06.2022 05:17
2543
Türkmenistanyň Baş drama teatryna akademiki derejesi berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Resminamanyň taslamasy medeniýet boýynça wise-premýer Mährijemal Mämmedowa tarapyndan hödürlendi.