Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk” (Partnering in Business with Germany) maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk” maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.
Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Italiýanyň, Belarusyň, Awstriýanyň we Gwatemalanyň işewür we diplomatik toparlaryň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirmek üçin möhüm meýdança boldy. Duşuşyga gatnaşanlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki taslamalary we maýa goýumlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyna we Ählumumy metan borçnamasyna (GMP) goşulmagy, ýurduň strategiki nebitgaz pudagynda netijeli ekologik syýasaty durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistan degişli milli maksatnamalary kabul etdi
13-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň we Ženewadaky beýleki halkara guramalarynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ählumumy gaz merkeziniň (GGC – Global Gas Centre) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro bilen duşuşdy
Türkmenistan durnukly ykdysady ösüş depginlerini görkezmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň jemlerine görä, ýurduň jemi içerki önümi 6,3% ýokarlandy
TurkmenExpo sergi kompaniýasy Harman Consulting bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyñ kiçi we orta telekeçiligiñ wekilleri üçin Özbegistana işewürlik-missiýasyny gurady. Şu gün, 15-nji fewralda başlan çäre 22-nji fewrala çenli dowam edip, işewürlik hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak we täze hyzmatdaşlary tapmak üçin möhüm meýdança bolar.
13-nji fewralda Buharestde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary, energetika pudagynda türkmen-rumyn iş toparynyň rumyn tarapynyň ýolbaşçysy Pawel-Kasýan Nitulesku ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar