Türkmenistan ŞHG-niň ýurtlaryna tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr – Prezidentiň çykyşyndan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Týanszinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “ŞHG+” formatyndaky sammitinde eden çykyşynda ykdysadyýet, ulag, energetika, senagat hyzmatdaşlygy we ynsanperwer ugurlara ünsi çekip, Türkmenistan bilen ŞHG-niň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny giňişleýin beýan etdi şeýle hem guramanyň ählumumy durnuklylygyny pugtalandyrmak çemeleşmelerini goldaýandygyny aýtdy