Merkezi Aziýanyň Adalatçylary çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşýarlar
15.09.2025 | 00:05 |Merkezi Aziýanyň Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri şol sanda Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa dagylar çagalaryň hukuklaryny goramagyň umumy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherine ýygnandylar. 11-12-nji sentýabrda geçirilen halkara forum hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we çagalaryň hukuklary bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde umumy çemeleşmeleri ösdürmäge gönükdirilen sebitleýin ulgamy döretmek üçin esasy meýdança boldy. Forum Merkezi Aziýada çagalaryň hukuklaryna bagyşlanan ilkinji maslahat boldy.
Forumyň gün tertibine sebitde aýratyn ähmiýete eýe bolan çagalaryň sanly giňişlikde howpsuzlygyny üpjün etmek, zorlugyň ähli görnüşleriniň öňüni almak we çagalaryň adalatlyga elýeterliligini üpjün etmek ýaly meseleler girizildi.
Foruma şeýle hem Norwegiýanyň, Horwatiýanyň we häzirki wagtda Ýewropanyň çagalar hukugy boýunça ombudsmenleri ulgamyna başlyklyk edýän Finlýandiýanyň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa öz çykyşynda çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça ýurduň tejribesini paýlaşdy we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklerini we Adam hukuklary boýunça ygtyýarlynyň orny barada belledi. Foruma Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça departamentiniň wekili hem gatnaşdy.
Duşuşygyň jemleri boýunça bu ugurda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Jarnama kabul edildi. Foruma gatnaşyjylar täze meýdançanyň çäginde özara gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Maslahatyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Kamalowna Narbaýewa hem-de Adam hukuklary boýunça Milli merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi.
ORIENT