Iň täze habarlar

Koreýanyň ilçihanasy türkmenistanlylar üçin talyp hakly maksatnamasyny yglan etdi

15.09.2025 | 19:05 |
 Koreýanyň ilçihanasy türkmenistanlylar üçin talyp hakly maksatnamasyny yglan etdi

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara Bilim Instituty ýokary bilim almak üçin döwlet talyp hakly maksatnamasyna (GKS) arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ilçihana arkaly bakalawriat maksatnamasyna iki orun berilýär. Bu barada Koreýanyň ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Dalaşgärler üçin esasy maglumatlar

Orunlar: Iki orun berilýär: biri esasy GKS maksatnamasy boýunça, beýlekisi sebit R-GKS maksatnamasy boýunça.

Resminamalary tabşyrmak möhleti: Resminamalar diňe onlaýn görnüşde 2025-nji ýylyň 15–30-njy sentýabry aralygynda (Koreýa wagty boýunça, GMT+9) resmi web sahypada kabul edilýär: www.studyinkorea.go.kr.

Saýlap almak tapgyrlary: Saýlap almak iki tapgyrdan ybarat. Birinji tapgyryň netijeleri 10-njy oktýabrdan soň yglan ediler, şondan soň saýlanan dalaşgärler bilen aýratyn söhbetdeşlik geçiriler.

Wajyp maglumat

Gelejekki gatnaşyjylara maksatnamanyň resmi gollanmasyny we resmi web sahypadaky ýygy-ýygydan berilýän soraglar bölümini öňünden ünsli öwrenmek maslahat berilýär.

ORIENT

Foto: ulysmedia.kz

Şeýle hem okaň: