Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde mugt bilim alyp biljek türkmen talyplarynyň sany belli boldy

15.09.2025|12:40|
723
russiyanyn-yokary-okuw-mekdeplerinde-mugt-bilim-alyp-biljek-turkmen-talyplarynyn-sany-belli-boldy
Surat çeşmesi: orient.tm

Russiýanyň hökümeti 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Russiýanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 býujet orunlaryny berdi. Bu barada RF-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

«Bu – bilim almaga çalyşýan we has gowy bilim mümkinçilikleri barada arzuw edýänler üçin özboluşly mümkinçilikdir» - diýip, ilçihananyň habarynda aýdylýar.

Hödürlenýän orunlar boýunça okamak mümkinçiligine dalaş etmek üçin dalaşgärler resmi saýtda – education-in-russia.com– hasaba alynmalydyrlar. Täze arza kabul ediş çäreleri eýýäm sentýabryň 15-den başlandy.

ORIENT