Hytaýda hepdäniň esasy wakalaryna syn
08.09.2025 | 18:20 |30-njy awgustdan 5-nji sentýabra çenli Hytaýda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken birnäçe wakalar bolup geçdi. Olaryň arasynda — Ikinji Jahan urşundaky ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) taryhynda iň iri sammiti bar. Bu çäreler Hytaýyň parahatçylykly ösüşe we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezdi.
Ikinji Jahan urşundaky ýeňşiň 80 ýyllygy
3-nji sentýabrda Pekinde uly harby ýöriş geçirildi. Çärede HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýurduň parahatçylykly ösüşe ygrarlydygyny mälim etdi. Ol diňe halklaryň özara hormat goýmagy we hyzmatdaşlygy dünýä howpsuzlygyny üpjün edip, taryhy betbagtçylyklaryň gaýtalanmagynyň öňüni alyp biljekdigini nygtady.
Týanszindäki iň iri ŞHG sammiti
Týanszinde ŞHG-niň taryhynda iň iri sammit geçirildi. Gurama agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary birnäçe möhüm çözgüt kabul etdiler, şol sanda indiki onýyllyk üçin ösüş strategiýasyny tassykladylar. Sammitiň esasy netijesi ŞHG-niň täze Ösüş bankyny döretmek baradaky kararyň kabul edilmegi boldy, bu bolsa giň goldawa eýe boldy.
Möhüm diplomatik duşuşyklary
Geçirilen çäreleriň çäginde Si Szinpin ýurtlaryň liderleri bilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. KHDR-nyň ýolbaşçysy Kim Çen Yn bilen bolan gepleşikleri aýratyn üns çekdi — bu olaryň alty ýyldan soňky ilkinji duşuşygy boldy. Şeýle hem Hytaý BMG-niň Baş sekretarynyň goldawyny alan «Ählumumy dolandyryş başlangyjyny» işjeň öňe sürdi.
Hytaýyň söwda ministriniň orunbasarynyň ABŞ-a sapary
Hytaýyň Söwda ministriniň orunbasary Li Çengang ABŞ-a üç günlük saparyny tamamlady. Ol ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň, Söwda ministrliginiň we Söwda wekili edarasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşyklarda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdylar.
Hytaý liderleriniň TIME100 AI sanawyna girmegi
Hytaýyň birnäçe tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjylary TIME žurnaly tarapyndan taýýarlanan «Emeli aň babatda iň täsirli 100 adam» sanawyna girizildi. Olaryň arasynda — Huawei kompaniýasynyň esaslandyryjysy Žen Çženfeý, DeepSeek-iň esaslandyryjysy Lýan Wenfen, Unitree Robotics-iň esaslandyryjysy Wan Sinsin we Pony.ai kompaniýasynyň baş direktory Jeýms Pen bar. Bu bolsa Hytaýyň tehnologiýa ägirtleriniň emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegindäki artýan ornuny görkezýär.
ORIENT