Iň täze habarlar

Hytaýda şu hepdäniň esasy wakalary: BRICS sammitinden Zeminiň goragyna çenli

13.09.2025 | 15:30 |
 Hytaýda şu hepdäniň esasy wakalary: BRICS sammitinden Zeminiň goragyna çenli

Bu hepde (6–12-nji sentýabr) Hytaýyň diplomatiýasy aýratyn işjeň boldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin BRICS ýurtlaryny birleşmäge we köp taraply söwda ulgamyny goramaga çagyrdy. Portugaliýa we ABŞ bilen ýokary derejeli möhüm duşuşyklar boldy, şeýle hem hyzmatlar boýunça halkara CIFTIS ýarmarkasy geçirildi. Mundan başga-da, Hytaý asteroidlerden Zeminiň goragy boýunça özboluşly synagy geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi.

1. BRICS sammiti

8-nji sentýabrda geçirilen sanly (onlaýn) BRICS sammitinde Si Szinpin gatnaşyjy döwletleri köp taraply söwda ulgamyny bilelikde goramaga çagyrdy. Ol ykdysady globalizasiýanyň yzyna gaýtarylmazdygyny we hiç bir döwletiň izolýasiýada gülläp ösüp bilmejekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, Hytaý tarapyndan hödürlenen Global dolandyryş başlangyjy has adalatly we deň hukukly halkara ulgamyny döretmäge gönükdirilendir.

2. Diplomatik işjeňlik

Hepdäniň dowamynda Si Szinpin birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. 9-njy sentýabrda Pekinde ol Portugaliýanyň Premýer-ministri LuişvMontenegrony kabul edip, ýurtlaryň arasyndaky giň möçberli strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna ýokary baha berdi. Portugaliýanyň Premýer-ministri Hytaýyň halkara işlerde esasy ornuny tassyklady we Ukrainadaky dawanyň parahatçylykly çözülmegine ýardam bermegine çagyrdy. Şol gün Szinpin Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň lideri Kim Çen Yny ýurduň döredilmeginiň 77 ýyllygy bilen gutlady.

3. Halkara CIFTIS 2025 ýarmarkasy

10–14-nji sentýabr aralygynda Pekinde geçirilen Hytaýyň halkara hyzmatlar söwda ýarmarkasy (CIFTIS) 85 ýurduň 2000 kompaniýasyna golaýyny jemledi. Bu çäre sebit we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, söwda päsgelçiliklerini azaldyp, hyzmatlar ulgamynda özara gatnaşyklary kämilleşdirmek üçin esasy platforma boldy. Hytaýyň hyzmatlar söwdasy 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda rekord derejä — takmynan 3,9 trln yuan — ýetdi, bu CIFTIS-iň ösüşiň möhüm hereketlendirijisi bolup durýandygyny görkezýär.

4. Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog

10-njy sentýabrda Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio telefon arkaly gepleşihgi geçirildi, şeýle hem iki ýurduň goranyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler boldy. Hytaý tarapyndan ABŞ-a KHHR-nyň (Hytaý Halk Respublikasy) özygtyýarlygynyň bozulmagyna, içerki işlere aralaşmaga, esasan-da Taýwan meselesine degişli ýaramaz hereketleriň kabul edip bolmaýandygyny duýdurdy. Amerikanyň resmi wekilleri bolsa Hytaý bilen dawa islemeýändiklerini aýtdylar.

5. Zemini goramak boýunça maksatnama

Hytaý 2025-nji ýylda asteroidlerden gorag ulgamy boýunça synag geçirmegi maksat edinýär. Missiýa asteroid bilen çaknyşygy çaklamak arkaly onuň orbitasyny 3–5 santimetre üýtgetmegi öz içine alar. Bu ulgam Zemine howp abanmagynyň birnäçe onýyllyklar üçin ýokdugyny üpjün eder we Hytaýyň planetany goramak ukybyny görkezer.

ORIENT

Foto: substack.com

Şeýle hem okaň: