Aşgabadyň merkezinde döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähi açyldy
14.09.2025 | 00:05 |13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllyg”» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we çagalar gatnaşdylar.
Andalip, Galkynyş we Görogly köçelerniň arasynda ýerleşýän seýilgäh dynç alyş we sport üçin täzelenen ýere öwrüldi: oýun meýdançalary döwrebaplaşdyryldy, welosiped üçin ýodalar çekildi, satuw nokatlary enjamlaşdyryldy, yşyklandyryş ulgamlary we beýleki infrastruktura çalşyldy, bu dürli ýaşdaky şäher ýaşaýjylary üçin amatly şertleri döredýär.
Açylyş dabarasyna konsert we teatr maksatnamalary: Çagalaryň skripka toparynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň we aýratynam körpeje myhmanlaryň göwnünden turan ertekileriň gahrymanlaryň çykyşlary girizildi.
Şäherdäki seýilgäh meýdançalarynyň ösdürilmegi diňe bir çagalaryň, ýaşlaryň we ýaş uly nesilleriň dynç almagy üçin mümkinçilikler döretmän, eýsem medeni giňişlikleri hem döredýär: seýilgähler dabaralaryň, konsertleriň we köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerine öwrülýär, ýaşaýjylaryň arasynda jemgyýetçilik duýgusyny berkitýär.
ORIENT