Türkmenistanda Bahreýniň Ilçisi akkreditirlendi
15.09.2025 | 22:00 |15-nji sentýabrda, duşenbe güni Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Bassam Ahmed Ali Marzuk özüniň diplomatik missiýasyna başlady. Resmi saparyň çäginde Ilçi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Dünýägözel Gulmanowa döwlet Baştutanynyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli parlamentiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Taraplar häzirki ýagdaýy we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar: syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklardan, medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyga çenli.
DIM-de geçirilen duşuşykda Bassam Ahmed Ali Marzuk “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilişine ýokary baha berdi we onuň uly ähmiýetini belledi.
Diplomat sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygyna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi. Ilçi türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.
ORIENT