Iň täze habarlar

Doogee IFA 2025-de goragly gajetleriň tapgyry bilen tanyşdyrdy

09.09.2025 | 16:00 |
 Doogee IFA 2025-de goragly gajetleriň tapgyry bilen tanyşdyrdy

IFA 2025 sergisinde Doogee kompaniýasy täze enjamlaryň tapgyry bilen tanyşdyrdy, olar başdan geçirmeleri we işjeň durmuşy söýýän adamlar üçin niýetlenendir. Esasy täze önümler diňe kompaniýanyň meşhur goragly smartfonlary bilen çäklenmän, täze smart sagatlar we gulaklyklar hem boldy.

Doogee Anywise W1 Pro smart sagatlary

Anywise W1 Pro sagatlary — medeniýetden daşda gezelençler we nawigasiýa üçin ýörite döredilen esasy täze smart enjamlardyr. Model iki zolakly GPS modulyna eýe we smartfona birikdirmän offline kartlar bilen işlemegi goldaýar. Sagatlar 5ATM suw geçirmezlik standartyna laýyk gelýär, şonuň üçin ýagyşda, çygly ýerde ýa-da suwa düşende ulanylyp bilner. Olar 1,43 dýuým AMOLED ekran we 550 mAh kuwwatlylykly batareýa bilen enjamlaşdyryldy, şeýle hem 170-den gowrak türgenleşik tertibini goldaýar.

1

BoneAir Swim gulaklyklar

Audio enjamlar böleginde Doogee BoneAir Swim gulaklyklary bilen tanyşdyrdy. Süňk arkaly ses geçirme tehnologiýasy (sesiň gulaklar arkaly däl, süňk arkaly geçirilmegi) we IPX8 suw geçirmez korpus bilen olar suwda ýüzmek üçin birkemsiz çözgütdir. Modeliň aýratynlygy — 32 GB içki ýady bilen, ol aýdym-sazy smartfona birikdirmän diňlemäge mümkinçilik berýär. Gulaklyk 140 mAh kuwwatly batareýa bilen enjamlaşdyryldy, ol 8 sagada çenli dowamly oýnamany üpjün edýär we çalt zarýadlamany goldaýar.

2

Goragly S200 Ultra smartfony

Smartfonlar arasynda Shield tapgyrynyň flagman modeli— Doogee S200 Ultra görkezildi. Enjam aluminiý-titan garyndysyndan ýasalyp, arka panelde goşmaça ekran bilen üpjün edildi. Smartfon MediaTek Dimensity 7400 prosessory, 12 GB RAM we 1 TB saklaýyş ýady bilen işleýär. Ol 6,72 dýuým ekran, 120 Hz täzelik tizligi, 3 sany kamera toplumy (100 MP esasy modul we gijeki görnüş kamerasy bilen) we 11 000 mAh batareýa, 66 W çalt zarýad bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýa başga modelleri, şol sanda proýektory bolan Doogee V Max Play modelini hem görkezdi.

Ekologiýa we durnukly ösüş

Bu ýyl öndüriji diňe çydamlylyga we işleýiş aýratynlyklara däl, eýsem ekologik taýdan arassalylyga hem üns berdi. Serginiň dizaýnynda kompaniýa gaýtadan işlenilen materiallary, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we aýlanyşykly dizaýn ýörelgelerini ulanmagyna ünsi jemledi.

ORIENT

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: