Iň täze habarlar

Google ähli Gemini görnüşleri üçin anyk çäklendirmeleri mälim etdi

09.09.2025 | 16:40 |
 Google ähli Gemini görnüşleri üçin anyk çäklendirmeleri mälim etdi

Google kompaniýasy özüniñ Gemini AI hyzmatyny ulanmakdaky çäklendirmeleri doly aýdyňlaşdyrmak üçin habar maglumatlaryny täzeden işläp düzdi. Indi öňki düşnüksiz beýanlaryň ýerine dürli tarif meýilnamalary üçin şertler anyk görkezilýär.

Gemini-ni ulanmakdaky çäklendirmeler

Mugt akkaunty bolan ulanyjylar günüň dowamynda Gemini 2.5 Pro-da 5-e çenli haýyşnamany iberip bilerler. Şeýle hem, aýda 5-e çenli Deep Research hasabaty we günüň dowamynda 100-e çenli surat döretmek mümkinçiligi bar.

AI Pro tarif meýilnamasy bilen soraglaryň sany günüň dowamynda 100-e çenli ýokarlanýar, şeýle hem 1000-e çenli surat döretmek mümkinçiligi bar.

AI Ultra tarif meýilnamasy günüň dowamynda 500-e çenli sorag ibermäge mümkinçilik berýär we AI Pro ýaly günüň dowamynda 1000-e çenli surat döretmäge rugsat berýär.

ORIENT

Foto: OpenAI

Şeýle hem okaň: