Iň täze habarlar

Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri bilen duşuşdy

15.09.2025 | 15:30 |
 Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Doha şäherine amala aşyrýan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 15-nji sentýabrda Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

R.Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi.

Ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-de habar berildi.

14–15 sentýabrda Raşid Meredow Dohada, Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin saparda bolýar.

15092025-rashid-meredov-katar-doha.jpg

Türkmenistan Katarda bolup geçen wakalar bilen baglylykda resmi garaýşyny beýan edip, halkara meselelerini çözmekde güýji ulanmagyň kabul ederliksizdigini, onuň BMG-niň Tertipnamasynyň hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine ters gelýändigini nygtady.

ORIENT

Foto: qna.org.qa

Şeýle hem okaň: