Iň täze habarlar

Acer IFA 2025-de: iň ýeňil noutbukdan güýçli oýun stansiýalaryna çenli

09.09.2025 | 17:00 |
 Acer IFA 2025-de: iň ýeňil noutbukdan güýçli oýun stansiýalaryna çenli

IFA 2025 sergisinde Acer kompaniýasy täze enjamlary bilen tanyşdyrdy. Täze önümler ähli kategoriýalary öz içine aldy: güýçli oýun ulgamlaryndan başlap, ýeňil noutbuklara we AI bilen işlemek üçin niýetlenen enjamlara çenli.

1

Oýun kompýuterleri we noutbuklar

Täzelenen Acer Predator Helios 18P AI flagman noutbuk boldy. Ol 18 dýuýmlyk Mini LED ekran (4K, 120 Hz) bilen üpjün edildi. Iň ýokary dereje konfigurasiýasy Intel Core Ultra 9 prosessoryny, Nvidia GeForce RTX 5090 grafika kartyny we 128 GB-a çenli RAM-i öz içine alýar. 5-nji nesil AeroBlade sowadyş ulgamy suwuk metal bilen ýokary öndürijiligi üpjün edýär.

Stol kompýuterleriniň arasynda Predator Orion 5000 we Orion 7000 görkezildi. Bu modeller täze Intel prosessorlary (Core Ultra 7 we Core Ultra 9-a çenli) we Nvidia grafika kartlar (RTX 5080 we RTX 5090-a çenli) bilen enjamlaşdyryldy. Orion 7000 uly model «Predator CycloneX» suwuk sowadyş ulgamyny aldy.

2

Şeýle hem, Acer elýeterli bahaly Nitro tapgyry bilen tanyşdyrdy. Nitro 50 we Nitro 70 stol kompýuterleri AMD prosessorlary (Ryzen 9 9950X3D-a çenli) we Nvidia grafika kartlary (RTX 5090-a çenli) bilen üpjün edildi. Oýun noutbuklary Nitro V16 we Nitro V16S 16 dýuýmlyk ekranlar (180 Hz-e çenli) we Intel Core 9 prosessorlary bilen enjamlaşdy.

Monitorlar

Monitorlaryň hatarynda geýmer Predator X27U F8 görkezildi — 27 dýuýmlyk OLED ekran, täzelenme tizligi 480 Hz (720 Hz-e çenli) we jogap beriş wagty 0,01 ms-den az. Simulýator söýüjiler üçin egri Nitro XZ403CKR (39,7 dýuým, 5120 × 2160 piksel, 288 Hz-e çenli) tanyşdyryldy. Şeýle hem, üç sany 27 dýuýmlyk Nitro monitorlary çykaryldy (QHD-den 5K çenli çözgütli).

3

Ýeňil we inçe noutbuklar

Täze önümleriň iň gyzyklylarynyň biri — Swift Air 16, dünýäde ilkinji 16 dýuýmlyk noutbuk bolup, agramy 1 kg-dan az. Ol AMD Ryzen AI 300 seriýasy prosessorlarynda işleýär. Şeýle hem, 14 dýuýmlyk OLED ekrany bolan we goragly korpusly Copilot+ PC TravelMate X4 14 AI işewür noutbugy görkezildi.

4

Beýleki täzelikler

Acer Nvidia GB10 Grace Blackwell Superchip esasly, 1 petaflops öndürijilikli Veriton GN100 AI Mini Workstation iş stansiýasyny görkezdi. Täzelenen Chromebook Plus Spin 514 kompaniýanyň ilkinji MediaTek Kompanio Ultra 910 prosessorly hrombugy boldy. Iconia planşetleriniň hatary bolsa ekrany 16 dýuýma çenli täze modeller bilen giňeldildi.

Doogee представила на IFA 2025 серию защищённых гаджетов

ORIENT

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: