DTYB-niň maslahatynyň çäklerinde türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini açyp görkezýän sergisi guraldy
14.09.2025 | 13:00 |13-nji sentýabrda Aşgabatda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşigi» atly XXVI maslahaty geçirildi. Halk Maslahatynyň we Garaşsyzlygyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda guralan foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden Birleşigiň agzalary gatnaşdy.
Daşary ýurtlardaky diaspora bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Birleşigiň daşary ýurtlardaky agzalary türkmen halkynyň milli medeniýetini, däp-dessurlaryny, taryhyny we dilini wagyz etmek maksady bilen yzygiderli çäreleri guraýarlar. Maslahat hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.
Forumyň çäklerinde gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň işleriniň sergisi guraldy. Sergide türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti barada giňişleýin maglumat berýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň milli hazynalary görkezildi.
ORIENT