Türkmenistandan we Gazagystandan BTJ boýunça geçirilen nebtiň möçberi 2,8 mln tonnadan geçdi
15.09.2025 | 13:18 |Azerbaýjanyň Statistika baradaky Döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) nebit geçirijisi arkaly 18 mln 365,5 müň tonna nebit daşaldy. Bu möçberiň 15,7 %, ýagny 2 mln 887,5 müň tonnasyny Türkmenistandan we Gazagystandan getirilen çig nebit emele getirdi.
Bellenilişine görä, 84,3 %, ýagny 15 mln 469 müň tonna nebit Azerbaýjanyň özüne degişli bolan nebit boldy.
Umuman, sekiz aýyň dowamynda Azerbaýjanyň esasy nebit geçirijileri boýunça 24 mln 566,5 müň tonna nebit daşaldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,8 % azdyr.
Daşamalaryň esasy bölegi adaty boýunça BTJ nebit geçirijisine degişli bolup, umumy görkezijiniň 74,7 % düzdi. Ýöne geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu ugur boýunça daşamalar 5,33 % azaldy.
ORIENT