Türkmenistanyň DIM-de Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
08.09.2025 | 21:06 |Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 8-nji sentýabrda, duşenbe güni ministr Raşid Meredow bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikler köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, dialogy pugtalandyrmak we bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak meselelerine gönükdirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Hakala konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin (ol 2021-2024-nji ýyllarda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili wezipesinde işledi) minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky üç möhüm ugurda netijeli özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bular dialogy we syýasy ölçegdäki howpsuzlygy pugtalandyrmak, ykdysady we ekologik şeýle hem ynsanperwer ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek şol sanda adam hukuklary we hukugyň hökmürowanlygy pudagynda tejribe alyşmak.
Helsinki jemleýji namasynyň 50 ýyllygy bellenilýän ýylynda ÝHHG-a başlyklyk Finlýandiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruna laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde dialogy we ynamy ösdürmegi öz içine alýar.
Duşuşygyň dowamynda şeýle hem Türkmenistan üçin ileri tutulýan, energetikanyň ösdürilmegini, howpsuzlygy we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.
ORIENT