Iň täze habarlar

Aşgabat lýuks stilinde: täzelenen Paul & Shark butigi we köpbrendli aýakgap giňişligi açyldy

09.09.2025 | 11:47 |
 Aşgabat lýuks stilinde: täzelenen Paul & Shark butigi we köpbrendli aýakgap giňişligi açyldy

5-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Altyn Zaman» Söwda Merkezinde ähli moda muşdaklary üçin ajaýyp waka boldy – täzelenen konsepsiýada işleýän Paul & Shark butiginiň we köpbrendli aýakgap giňişliginiň açylyşy geçirildi. Bu ýerde Santoni, Barrett ýaly ajaýyp aýakgap markalarynyň hem-de nepis Marchesato saýawanlarynyň kolleksiýalary hödürlenen.

 Paul & Shark В Торговом Центре Altyn Zaman.jpg

Agşamyň myhmanlary täze Paul & Shark kolleksiýasyny ilkinji bolup görmäge hem-de häzirki zaman stilinde bezelen, amatlylygyň we nepis estetikanyň utgaşdyrylýan butigiň interýerini synlamaga mümkinçilik aldylar. Dabaranyň gurşawy ýakymly we dostlukly boldy: gatnaşyjylar moda tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, täze brendler bilen tanyşdylar we furşetden lezzet aldylar.

Paul & Shark В Торговом Центре Altyn Zaman.jpg

Açylyş dabarasy stil taýdan täzelikleri mynasyp bahalandyrýan myhmanlary jemläp, «Altyn Zaman» Söwda Merkeziniň paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna eksklýuziw brendleri hem-de üýtgeşik söwda tejribesini hödürleýändigini ýene-de bir gezek görkezdi. Täze köpbrendli butik bolsa, lýuks aýakgaplarynyň we aksessuarlaryň görkezilýän, nepislik we kaşaňlyk gurşawyny döredýän giňişlik boldy.

Santoni Barrett В Торговом Центре Altyn Zaman.jpg

Guramaçylar butikleriň her gün myhmanlary garşylamaga taýýardygyny belläp, hemmeleri ylhamyň we kämil stiliň gurşawyny paýlaşmaga çagyrýarlar.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: