Microsoft PowerToys Windows üçin täze funksiýa bilen üpjün edildi
05.09.2025 | 15:45 |Microsoft tejribeli Windows ulanyjylary üçin niýetlenen PowerToys goşundysynyň täze görnüşi bilen tanyşdyrdy. Täzelenmede ulanyjylara peýdaly funksiýa goşuldy – ol standart klawiatura kombinasiýalary bilen ulanyjynyň bellän düwmeleriniň arasynda ýüze çykýan gapma-garşylyklary anyklamaga kömek edýär. Indi ähli gapma-garşylyklar gyzyl reňk bilen bellener, bu bolsa olaryň tapylmagyny ýeňilleşdirer.
Mundan başga-da, kompaniýa ýakyn wagtda PowerToys-da täze programmanyň peýda boljakdygyny mälim etdi. Bu gural Windows-da ýagty we garaňky reňk tertibini awtomatiki ýagdaýda üýtgetmäge mümkinçilik berer. Ol tertibe ýa-da günüň wagtyna bagly bolar. Bu funksiýa iOS we Android ulgamlarynda köpden bäri bar, ýöne Windows 11 operasion ulgamynda häzire çenli ýokdy.
PowerToys – Windows-yň mümkinçiliklerini giňeldýän peýdaly programmalaryň toplumy. Goşundynyň iň soňky wersiýasyny Microsoft-yň resmi GitHub sahypasyndan ýükläp almak bolýar.
ORIENT