Iň täze habarlar

ChatGPT «Taslamalar» funksiýasyny hemmeler üçin elýeterli etdi

05.09.2025 | 15:50 |
 ChatGPT «Taslamalar» funksiýasyny hemmeler üçin elýeterli etdi

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de «Taslamalar» funksiýasyna mugt girmek mümkinçiligini açdy. Indi ähli ulanyjylar öz dialoglaryny temalar boýunça tertipleşdirip bilerler, konteksti saklap bilerler we faýllary bir ýerde dolandyryp bilerler.

Bu funksiýa iş proseslerini ýeňil gurnamaga kömek edýär: ähli çatlar we görkezmeler bir bölümde ýerleşýär, bu bolsa AI-nyň berlen temadan daşlaşmazlygyna mümkinçilik berýär. Ulanyjylar dürli enjamlar arasynda aňsatlyk bilen geçip, taslama üstünde işlemegi dowam etdirip bilerler – hem brauzerde, hem-de Android mobil goşundysynda. iOS wersiýasy bolsa ýakyn wagtda elýeterli bolar.

Bu funksiýa hemmeler üçin mugt bolsa-da, tölegli abunaçylaryň artykmaçlygy bar: olar 25-den 40-a çenli faýl ýükäp bilerler, mugt ulanyjylar bolsa diňe 5 faýl bilen çäklendirilýär.

ORIENT

Foto: OpenAI

Şeýle hem okaň: