Şweýsariýa açyk kod-belgili milli emeli aň ulgamyny çykardy
05.09.2025 | 15:55 |Şweýsariýa uly dil modelleri boýunça bäsleşige goşulyp, özüniň Apertus milli emeli aň ulgamy bilen tanyşdyrdy. Döwlet institutlarynyň alymlary tarapyndan döredilen bu model jemgyýetçilik infrastrukturasy bolup, açyk çeşme kody sebäpli hemmelere doly elýeterlidir.
Apertus modeli 15 trillion token we 1000-den gowrak dil boýunça ägirt uly maglumatlar toplumy esasynda türgenleşdirildi. Şonuň bilen birlikde maglumatlaryň 40%-iniň iňlis dilde däldigi aýratyn üns çekýär, bu bolsa ony dürli diller bilen işleşýän alymlar we kompaniýalar üçin has peýdaly edýär. Häzirki wagtda Apertus Swisscom we Hugging Face platformalary arkaly 8 milliard we 70 milliard parametrli görnüşlerde iki wersiýada elýeterli.
ORIENT