Paýtagtymyzda «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
07.09.2025 | 23:20 |7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, hem-de Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden ýeňiji bolmaga iň mynasyp iki aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Çykyş edenler nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly we sazsyz görnüşde ýaňlandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň konsertine geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Bu gezekki bäsleşige gatnaşýanlaryň içinde köpsanly belli aýdymçylar hem bar.
Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Alkyşnama” atly aýdym joşgunly ýaňlandy.
Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soň bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi, ýeňijileriň yglan edilmegi döredijilik bäsleşiginiň iň bir tolgundyryjy pursady boldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olara ýörite diplomlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Şeýle hem jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
ORIENT