Täjigistan BMG-niň ýanynda Türkmenistan tarapyndan döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy
07.09.2025 | 21:05 |Täjigistan resmi taýdan Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzasy boldy. Bu waka bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanýan sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
Bitaraplygyň dostlary topary – bu Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen resmi däl halkara meýdançasydyr. Onuň esasy maksady –halklaryň arasynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we özara düşünişmegi gazanmak üçin täsirli gural hökmünde bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmekden ybaratdyr.
Täjigistanyň bu meýdança goşulmagy, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatyň barha artýan ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. Täze agza Toparyň işine gymmatly tejribe getirer hem-de hemmeler üçin howpsuz we durnukly geljegi gurmak üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanylmagyna goşant goşar diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň habarynda aýdylýar.
Bitaraplygyň dostlary topary barada maglumatlar şu ýerde
ORIENT