“Umumy sungat taryhy” atly okuw kitaby çapdan çykdy
06.09.2025 | 17:50 |Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň “Binagärlik”, “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” we “Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek” hünärleri üçin “Umumy sungat taryhy” okuw kitaby (awtorlar: B.Mämmedow, Ä.Gubaýewa, G.Jumaýewa – A.: “Ylym” neşirýaty, 2025) çapdan çykdy.
Okuw kitabynda taryhy ösüşiň dowamynda sungatyň birnäçe görnüşleri barada beýan edilýär. Olar biri-birinden şekillendiriş obýektleri, mazmuny, çeper usullary we serişdeleri, täsiri boýunça tapawutlanýarlar. Her görnüşiň aýratynlygy diňe özüne mahsus beýan ediş güýjünde, durmuşyň dürli ýagdaýlarynyň estetiki beýanyny açyşynda ýüze çykýar.
Kitabyň ýazylmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, Türkmen döwlet habarlaryň maglumatlary we metbugatyň ýazgylary ulanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem, dünýäni öwrenmäge ymtylyşynda sungat ylyma ýakynlaşdyrýan daşary ýurt alymlarynyň edebiýatlaryndan peýdalanyldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölümi
ORIENT news