Iň täze habarlar

Aşgabatda kämil tehnologiýaly 700 sany täze «Yutong» awtobuslary hyzmat edip başlar

08.09.2025 | 01:00 |
 Aşgabatda kämil tehnologiýaly 700 sany täze «Yutong» awtobuslary hyzmat edip başlar

Aşgabat şäherine döwrebap, kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze 700-sany «Yutong» awtobuslaryň uly tapgyry gelip gowuşdy. Ýurdumyza getirilen uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly awtobuslaryň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli Ýewro 5 ölçeglerine laýyk gelýär.

Ulag hyzmaty üçin töleg geçirilişi sanly ulgam arkaly üpjün edilen bu täze awtobuslaryň döwrebaplygy, rahatlygy we ýene-de birnäçe ajaýyp oňaýlyklary raýatlarda ýakymly täsirleri galdyryp, oňat seslenmeleri döretdi. Bu ulgam ýerli bank kartlary, QR-kod we kagyz petekler arkaly işleýär. Awtobusyň hereketiniň tizligini dolandyryjy awtomatik ulgam hereket edýär.

1

Tomus paslynyň ýurdumyzdaky aýratynlygy bolan yssy howa şertleri göz öňünde tutulyp, täze ulagda ýolagçylaryň oňaýlylygy üçin sowadyjy enjamyň işledilmegi hem gurnalandyr. "CarLog" programmasynyň üsti bilen dolandyryşyň merkezi displeýi hem-de GPS ulgamy we gurnalan wideokameralaryň 10-synyň kömegi bilen wideogözegçilik ulgamy arkaly awtobusyň hereketine we sürüjiniň işine gözegçilik etmek üçin ornaşdyrylan häzirki zaman Intellektual ulgamy bar. Täze awtobusda ses we şekil ulgamyna degişli enjamlar hem bar.

2

Soňky ýyllarda dünýä belli kompaniýalar bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, awtoulag serişdeleriniň köp ýüzlerçesi satyn alyndy. Ýurdumyza getirilen bu täze awtobuslar hem bildirilýän talaplara laýyklyk derejesini tassyklaýar, şoňa görä-de, olar degişli ugurlar boýunça hyzmat etmek üçin peýdalanylar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: