Iň täze habarlar

TOPH we TOP taslamasy Türkmenistanyň we Owganystanyň energetika ministrleriniň duşuşygyň üns merkezinde

07.09.2025 | 21:45 |
 TOPH we TOP taslamasy Türkmenistanyň we Owganystanyň energetika ministrleriniň duşuşygyň üns merkezinde

Kabulda Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow, Türkmenistanyň halkara energetika taslamalarynyň ýolbaşçysy Myrat Artykow bilen Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministri Abdul Latif Mansuryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ilçisi Hoja Öwezow hem gatnaşdy.

Duşuşykda şu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berildi – Türkmenistandan Kabula 1000 MWt elektrik energiýasy ibermek, Päkistany we Owganystany türkmen elektrik energiýasyny bilen üpjün etjek TOP-500 energiýa köprüsiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak we TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) taslamasyny durmuşa geçirmek üçin özara hyzmatdaşlyk.

Duşuşykda Türkmenistanyň energetika ministri Owganystanyň gündogar welaýatlarynda bolup geçen ýer titremesi zerarly duýgudaşlyk bildirdi we ylalaşylan taslamalary durmuşa geçirmäge öz ýurdunyň doly taýýardygyny mälim etdi. Ol TOP halkara elektrik geçirijiniň taslamasyna taýýarlyk işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýtdy.

Owgan ministri hem öz gezeginde ýurdunyň bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny we hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy diýip, AVA agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

ORIENT

Foto: avpress.com

Şeýle hem okaň: