Hazarüsti geçelgesi bäş ýylda ýük daşamalaryny alty esse artdyrdy
06.09.2025 | 09:10 |Hazarüsti halkara ulag ugrunyň üsti bilen ýük daşamalarynyň möçberi soňky bäş ýylda alty esse artdy — 2020-nji ýylda 800 müň tonnadan 2024-nji ýylda 4,5 mln tonna çenli. Bu barada Astana Finance Day – 2025 halkara forumynda wise-premýer Kanat Bozumbaýew habar berdi.
Onuň sözlerine görä, bu ýol hem Gazagystan, hem-de tutuş sebit üçin strategiki ähmiýete eýedir. Geljekde ýyllyk ýük daşamalaryny 10 mln tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. «Bu netije bäsdeşlige ukyplydygyny aýdyň görkezýär» - diýip, wise-premýer belledi.
Bozumbaýewiň bellemegine görä, geçen ýylyň iýul aýynda 2029-njy ýyla çenli milli infrastruktura meýilnamasy tassyklandy. Ol ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge, ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda «Energetika we jemagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň» milli maksatnamasy kabul edildi. Ol 86 müň km inženerçilik ulgamlaryny täzeden gurmak üçin takmynan 6,8 trln tenge çekmegi hem-de 2035-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän çeşmeler, gaz generasiýasy, gidro serişdeler we uglerod kuwwatlary esasynda azyndan 26 GWt täze kuwwatlyklary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
ORIENT