Iň täze habarlar

Türkmenistan Owganystandaky ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi

05.09.2025 | 06:00 |
 Türkmenistan Owganystandaky ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistan güýçli ýer titremesinden ejir çeken Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi. Kömek Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugy esasynda iberilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberilýän ynsanperwerlik kömegi däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri öz içine alýar.


Tebigy betbagtçylygyň zyýany

31-nji awgustda Hindiguş daglarynda 6,2 bala deň bolan ýer titremesi hasaba alyndy. Ol Owganystanyň gündogaryndaky Asadabad şäheriniň 27 km günorta-günbatarynda bolup geçdi. Güýçli titremeler tutuş obalary weýran etdi, süýşmeler käbir ilatly ýerlere barýan ýollary petikledi we aragatnaşyk geçirijilerinde bökdençlik ýüze çykdy. Halas ediş işleri uzak daglyk ýerleriň kyn şertlerinde alnyp barylýar hem-de bu işlere ýörite desantçylar topary çekildi. Iň soňky maglumatlara görä, tebigy betbagtçylygyň netijesinde adam pidalarynyň sany 2,2 müňden geçdi we takmynan 3,6 müň owganly ýaralandy. 2-nji sentýabrda Hindiguş daglarynda 5.5 bala deň bolan ýer titremesi boldy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: