Iň täze habarlar

ŞHG sammitinde geljegiň tehnologiýalary: Hytaý Týanszin şäherinde robotlary görkezdi

03.09.2025 | 18:00 |
 ŞHG sammitinde geljegiň tehnologiýalary: Hytaý Týanszin şäherinde robotlary görkezdi

Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäklerinde gatnaşýanlara we žurnalistlere häzirki zaman robototehnikasynyň gazananlary görkezildi. ŞHG-niň taryhynda iň iri çäre bolan bu sammite dünýäniň 20-den gowrak liderleri hem-de 3 müňden gowrak KHBS-niň wekilleri gatnaşdy. Robotlaryň ulanylmagy adam bilen maşyn enjamlarynyň aragatnaşygynyň netijeli we täsirli bolup biljekdigini görkezmäge mümkinçilik berdi.

2

Sammitiň metbugat merkezinde birnäçe robot işledi. Rus, hytaý we iňlis dillerinde gepläp bilýän gumanoid Sýaо He žurnalistlere maslahat berdi, tigirli robot Tora bolsa myhmanlara tanslaryny hödürledi. Yssy howada robot-doňdurmaçy Mr. Doue’r çalt hyzmat edip, sargytlary berdi, başarjaň eltip beriji-robot bolsa içilýän suwlary paýlady.

1

Hyzmat ugurly mümkinçiliklerden başga-da, has ýöriteleşdirilen tehnologiýalar hem görkezildi. Robot-manipulýator hatdatlyk sungatyny görkezdi, lotus şekilli kapsulada ýerleşdirilen dron bolsa awtomobil ýollaryna, elektrik ulgamlaryna gözegçilik etmegiň hem-de ýangyn ojaklaryny ýüze çykarmagyň mümkinçiligini görkezdi.

ŞHG sammitinde robotlaryň ulanylmagy, Hytaýyň dünýä jemgyýetçiligini tehnologiýa babatda täze innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen strategiýasynyň aýdyň beýany boldy.

ORIENT

Foto: htnews.ru

Şeýle hem okaň: