Le.Travel syýahat agentligi “Berkarar” söwda merkezinde Turkish Airlines biletleriniň täze satuw nokadyny açdy
05.09.2025 | 18:05 |Paýtagtymyzdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde Le.Travel syýahat agentliginiň täze edarasy öz işine başlady, ol ýerde müşderiler Turkish Airlines kompaniýasynyň howa gatnaw biletlerini satyn alyp bilerler.
Täze nokadynyň açylmagynyň esasy maksady — goşmaça satuw nokady döretmek bolup, bu müşderiler üçin bilet satyn almagyň prosesini has amatly edýär. Howa gatnaw biletlerinden başga-da, Le.Travel syýahat agentliginiň edarasy syýahat hyzmatlary boýunça haýyşnamalary kabul edýär: syýahat ugurlaryny saýlamak, wiza resmileşdirmek we dynç alyş ugurlary boýunça maslahat almak. Le.Travel Türkmenistanda Turkish Airlines kompaniýasynyň resmi wekiliniň hukuklaryny eýeleýändigini bellemek zerur.
Täze edara “Berkarar” söwda merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýär we her gün sagat 09:00-dan 22:00-a çenli işleýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99362)91-14-42.
TikTok: @le._travel.tm;
Instagram: @le.travel.tm